Türkmenistanyň we Özbegistanyň port gözegçilik toparlarynyň agzalary üçin sebitara okuw geçirildi

Türkmenistanyň we Özbegistanyň port gözegçilik toparlarynyň agzalary üçin sebitara okuw geçirildi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň gümrükhanasynda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň port gözegçilik toparlarynyň agzalarynyň hünärlerini ýokarlandyrmak üçin sebitara okuw geçirildi.

Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda berilýän habara görä, bu okuw Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň gözegçilik maksatnamasynyň çäginde guraldy.

Okuw Bütindünýä gümrük guramasynyň hünärmeni Swetlan Sawow tarapyndan geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, okuw Port gözegçilik toparlarynyň agzalarynyň töwekgelçilikli ýükleri profilirlemek, olary saýlamak we bikanun ýük daşamalaryň öňüni almak, resminamalarydyr ýükleri barlamagyň usullary boýunça bilimlerini artdyrmagy maksat edinýär. Oňa gatnaşanlar konteýnerler barada 1972-nji ýyldaky gümrük konwensiýasynyň düzgünleri, gümrük gullugynyň nukdaýnazaryndan intellektual eýeçilik hukugy we ygtybarly maglumat alyş-çalşygy üçin Bütindünýä gümrük guramasynyň ContainerСОММ platformasy bilen tanyşdylar.

Okuwyň amaly böleginde oňa gatnaşyjylar resminamalary maksatly saýlamak we gözegçilikde saklamak, maksatly saýlamaga esaslanan usullar, gözden geçirmek üçin saýlanan ýükleri fiziki gözden geçirmek, şeýle hem aýry-aýry ýükler barada deslapky maglumatlary port gözegçilik toparlary bilen alyşmak boýunça alan bilimlerini baýlaşdyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen we özbek gümrükçileri üçin bilelikdäki okuw çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Pakistanda iş saparynda boldular
Türkmenistan bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň arasyndaky gatnaşyklaryň ugurlary maslahatlaşyldy
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
Ýemende, Eýrana Degişli Neşe Maddalaryny Alyp Barýan Gämi Saklandy
Sagdynlyk göreşiniň netijeleri ýa-da 'üstünlikleriň' arkasyna duwlanan hassalyk