Ýemende, Eýrana Degişli Neşe Maddalaryny Alyp Barýan Gämi Saklandy

Ýemende, Eýrana Degişli Neşe Maddalaryny Alyp Barýan Gämi Saklandy

Ýemenin hökümeti, Eýrana degişli 3 tonna neşe maddasyny alyp barýan gäminiň saklanandygyny habar berdi.

Ýemeniň Maglumat ministri Muammer el Irýani beren ýazmaça beýannamasynda, kenarýaka howpsuzlyk güýçleriniň ýurduň gündogaryna ýerleşýän Mahra welaýatynyň golaýynda Eýrana degişli gämini saklandygyny habar berdi.

Gämide 3 müň 173 kilogramlyk neşe maddasynyň tapylandygyny aýdan Irýani, eýranyň raýaty bolan 7 ekipažyň hem saklanandygyny belledi.

Ministr Irýani, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinden “Eýranyň sebite ýaragly başbozar we neşe maddasyny getirmegini” ýazgarmagyny isledi.

Eýranly resmiler mesele hakynda heniz hili beýannama bermedi.

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husiler 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri paýtagt Sana bilen birlikde birnäçe sebite gözegçilik edýär.

Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleri bolsa 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Husilere garşy Ýemeniň hökümetine goldaw berýär.

Ýene degişli makalalar

Husiler, Gyzyl Deňizde Amerikan Gämilerini Nyşana Almaga Dowam Edýär
Husiler ABŞ-na Degişli Gämini Nyşana Aldy
Husiler, ABŞ-na Degişli Harby Gämini Nyşana Aldy
Husiler Aden aýlagynda ABŞ-na degişli gämini nyşana aldy
Husiler, Britaniýanyň Nebit Gämisini Nyşana Aldy
ABŞ Hindi Okeanyndaky Gäminiň Eýran Tarapyndan Urlandygyny Habar Berdi
Dünýäde Ynsanperwer Kömege Mätäç Adamlaryň Sany Artdy