Dünýäde Ynsanperwer Kömege Mätäç Adamlaryň Sany Artdy

Dünýäde Ynsanperwer Kömege Mätäç Adamlaryň Sany Artdy

Merkezi Britaniýada ýerleşýän “Dewelopment İnsiatiwasy” atly guramanyň iýun aýynda çap eden “2023 Global Ynsanperwer Kömek” atly habarnamasynda, 2022-nji ýylda gumanitar şertleriň dünýä derejesinde agyrlaşandygy beýan edilýär.

Habarnama görä kömege zerurlygyň artmagynyň esasy sebäplerinden ikisiniň azyk ýetmezçiligi we mejbury göçden ybaratdygy nygtalýar.

60 ýurtdan 265,7 million adamyň soňky 2 ýylda ýeterlik iýmitlenýändigi anyklandy.

Howanyň üýtgemegi bolsa 236,7 million adama ýokary derejede ýaramaz täsir ýetirýär.

Russiýa-Ukraina söweşi, Pakistandaky we Gündogar Afrikadaky howa ýagdaýlary hem-de koronawirus pandemiýasynyň jemgyýetçilik-ykdysady täsirleri ýaly meseleleriň ynsanperwer kömek hereketiniň ähmiýetini artdyrandygy beýan edilýär.

BMG-niň Ynsanperwer kömekleri utgaşdyryjy ofisiniň görkezijilerine görä 2021-nji ýylda 255,1 million adamyň ynsanperwer kömege mätäçdigini anyklanan bolsa, şol san 2022-nji ýylda 324,3 milliona, 2023-nji ýylyň 8 aýynda bolsa 363,3 million adama ýetdi.

Ynsanperwer kömege iň köp zerurlyk duýulýan 10 ýurt nobaty bşilen Owganystan, Efiopiýa, Kongo Demokratik Respublikasy, Sudan, Ýemen, Pakistan, Mýanma, Ukraina, Siriýa we Günorta Sudan boldy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Döwlet baştutany Galla ylalaşygy barada beýanat berdi
Nigeriýada 2,3 Million Çaga Sanjymlandy
Russiýa: "Galla ylalaşygyny dowam etdirmäge hiç hili sebäp ýok" diýdi
Erdoganyň Müsüre Sapary we Türkiýe-Müsür Gatnaşyklary
Putin Afrikaly liderler bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistan Minskde Ýewraziýanyň howpsuzlygy boýunça ýokary derejeli maslahata çagyryldy