Türkmenistan Minskde Ýewraziýanyň howpsuzlygy boýunça ýokary derejeli maslahata çagyryldy

Türkmenistan Minskde Ýewraziýanyň howpsuzlygy boýunça ýokary derejeli maslahata çagyryldy

Türkmenistan Minskde Ýewraziýanyň howpsuzlygy boýunça ýokary derejeli maslahata gatnaşar. Bu barada BELTA habar berýär.

Habarda bellenilmegine görä, Ýewraziýanyň howpsuzlygy: üýtgeýän dünýäniň şu güni we geljegi diýlip atlandyrylan bu ýokary derejeli halkara maslahata dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 300-den gowrak myhman gatnaşar.

Ýokary derejeli maslahata şeýle hem Awstriýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Braziliýa, Watikan, Beýik Britaniýa, Wengriýa, Wýetnam, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Katar, Hytaý, Kuba, Gyrgyzystan, Latwiýa, Mongoliýa, Mýanma, Norwegiýa, BAE, Pakistan, Palestina, Koreýa Respublikasy, Russiýa, Serbiýa, Siriýa, ABŞ, Sudan, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan, Fransiýa, Şweýsariýa gatnaşar. Iri halkara çärä dürli halkara guramalar we döwlet birleşikleri hem çagyryldy.

Çäräniň dowamynda Ýewraziýanyň howpsuzlygy üçin global we sebit geosyýasy şertleri, ykdysady integrasiýa we bitewi Ýewraziýa howpsuzlyk arhitekturasynyň peýdasyna birleşmek; halkara we sebit guramalarynyň Ýewraziýa giňişligindäki täsiri, strategik durnuklylyk we ýadro ýaraglary: täze şertlerde Ýewraziýa üçin howplar we mümkinçilikler ýaly birnäçe anyk temany ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen küştçüleri Russiýanyň küşt täji festiwalynda reýtinglerini has-da ýokarlandyrdylar
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Belarus tarapyndan boşadylan 100-den gowrak tussagly Ukraina ugradyldy
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başladylar
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çärýek finalyna çykdylar