Russiýanyň Döwlet baştutany Galla ylalaşygy barada beýanat berdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Galla ylalaşygy barada beýanat berdi

Wladimir Putin 27-28-nji iýul aralygynda ýurdunyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek Russiýa-Afrika ýurtlary sammiti bilen bagly ýazan makalasynda ýurdunyň galla ylalaşygyndan çekilmeginiň Afrika ýurtlaryna ýaramaz täsir ýetirmejekdigini habar berdi.

ABŞ we Ýewropaly işewür töwerekleriniň galla ylalaşygyny baýamak üçin ulanýandygyny we Ukraina degişli gallanyň 70 göteriminiň ösen we orta girdejili ýurtlara ugradylýandygyny aýdan Wladimir Putin, Efiopiýa, Sudan, Somali, Ýemen we Owganystan ýaly ýurtlaryň ylalaşygyň çäginde ugradylýan Ukraina degişli gallanyň diňe 3 göterimini alýandygyny beýan etdi.

Putin ýurdunyň şu ýyl rekord derejede hasyla garaşýandygyny belläp: "Ýurdumyzyň Ukraina degişli gallanyň ýerine hem söwda hem-de mugt ýagdaýda alyp biljekdigi barada kepillik bermek isleýärin" diýip aýtdy.

Ýurdunyň 2022-nji ýylda Afrika 11,5 million tonna galla ugradandygyny aýdan Putin, 2023-nji ýylyň ilkinji ýarymynda 10 million tonna galla ugradandygyny ýatlatdy.

Afrikanyň 25 ýurdy her ýyl bukgam importynyň 1/3 böleginden gowragyny Russiýadan we Ukraiandan alýar.

Ýene degişli makalalar

Putin Afrikaly liderler bilen duşuşyk geçirdi
Russiýa: "Galla ylalaşygyny dowam etdirmäge hiç hili sebäp ýok" diýdi
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Dünýäde Ynsanperwer Kömege Mätäç Adamlaryň Sany Artdy
Somalide Sil Apaty Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
BMG Afrika ýurtlaryna kömek üçin 7 milliard dollar sorady