Putin Afrikaly liderler bilen duşuşyk geçirdi

Putin Afrikaly liderler bilen duşuşyk geçirdi

Ukrainadan edilýän azyk eksporty bilen baglanşykly 15-nji iýundaky görkezijileri beýan eden Putin, galla meselesiniň çözüwi üçin Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň bu ugurda köp zat amala aşyrandygyny habar berdi.

Wladimir Putin: "Ukrainanyň portlaryndan Russiýanyň we Türkiyäniň kömegi bilen 31,7 million tonna oba hojalyk önümleri eksport edildi. Mätäç Afrika ýurtlary bolan Jibuti, Somali, Sudan, Liwiýa, Efiopiýa ugradylan oba hojalyk önümleri 976 müň tonna. Ol bolsa jemi eksportyň 3,1 göterimini emele getirýär.

Neokolonial Ýewropa dolanşygy, has takygy Amerikan dolanşygy halkara jemgyýeti we mätäç bolan Afrika ýurtlaryny ýene-de aldatdy. Azyk önümleriniň 38,9 göterimi Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna, 12,3 million tonna Türkiyä, 11 göterimi beýleki ýurtlara ugradyldy" diýip aýan etdi.

Stambuldaky gepleşiklerde taraplaryň ylalaşyk resminamasynyň üstünde ylalaşandygyny, Ukrainanyň wekiliýetiniň şony tassyklandygyny aýdan Putin, Rus goşuny Kiýewden çekileninden soň resmi Kiýew dolanşygynyň şol ylalaşygy zir-zibile atandygyny belläp: "Geljekde başga islendik ylalaşykdan ýüz öwürmejekdikleriniň kepili nirede?

Emma şol şertleriň astynda-da gepleşikler geçirmegi hiç wagt ret etmedik.Biz däl, Ukrainanyň dolanşygynyň özi gepleşikler geçirmejekdigini yglan etdi.Hat-da Ukrainanyň Döwlet baştutany Zelenskiý, gepleşikler geçirmegi gadagan edýän karara gol çekdi.

Bizden näme isleýärler?" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Baýkar Ukrainada uçarmansyz howa ulagyny öndürýän zawod gurýar
Erdoganyň Müsüre Sapary we Türkiýe-Müsür Gatnaşyklary
Russiýa: "Galla ylalaşygyny dowam etdirmäge hiç hili sebäp ýok" diýdi
Russiýanyň Döwlet baştutany Galla ylalaşygy barada beýanat berdi
Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar