BMG Afrika ýurtlaryna kömek üçin 7 milliard dollar sorady

BMG Afrika ýurtlaryna kömek üçin 7 milliard dollar sorady

Birleşen Milletler Guramasy dünýä jemgyýetçiliginden Afrika ýurtlaryna kömek üçin 7 milliard dollar sorady diýip, Habar 24 ýazýar.

Guramanyň bahalandyrmasyna görä, häzir yklymda 21 million adam azyk goldawyna mätäçdir. Olar Somalide, Efiopiýada, Eritreýada we Jibutide ýaşaýar. Bu döwletleriň çägindäki guraklyk 18 million adama täsir etdi we soňky 40 ýylda iň uzaga çykan guraklyk boldy.

Halkara halas ediş komitetiniň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça direktory Şaşwat Saraf bu barada şeýle diýýär: - Biz maliýe serişdeleriniň uruglara gowuşjakdygyny, suw guýularyny dikeltmäge, tapdan düşen çagalary bejermäge ýetjekdigini kepillendirýäris. Biz şeýle-de maşgalalaryň bu guraklyga garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin has köp serişdeleriň bölnüp berilmegini isleýäris.

Ýene degişli makalalar

Efiopiýadaky çaknyşyklarda 600 müň adamyň ýogalandygy çak edilýär
Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Russiýa-Afrika sammiti geçirildi
BSGG dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi
Putin Afrikaly liderler bilen duşuşyk geçirdi
Russiýa: "Galla ylalaşygyny dowam etdirmäge hiç hili sebäp ýok" diýdi