BSGG dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi

BSGG dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi

Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by ýazýar.

Guramanyň habarnamasynda ýylyň başyndan bäri mergi keseliniň 25 ýurtda hasaba alnandygy bellenip, Keseliň barha köp hasaba alynýandygyny we onuň geografiki taýdan ýaýraýandygyny, sanjymlaryňdyr beýleki derman serişdeleriniň ýetmeýändigini göz öňünde tutmak bilen, BSGG keseliň ählumumy derejede ýaýramak ähtimallygyny örän ýokary diýip hasap edýär diýilýär.

Kesel häzirki wagtda esasan hem, Afrikada köp ýaýrandyr. Ýylyň başyndan bäri mergi yklymyň ýurtlarynyň 14-sinde, şol sanda Kongo Demokratik Respublikasynda, Kamerunda, GAR-da, Malawide, Mozambikde, Somalide we Efiopiýada hasaba alyndy.

Mergi aýratyn howply ýokanç kesel bolmak bilen, ol merhi wibrionlary arkaly döreýär. Kesel adama zäherlenen iýmit we suw arkaly geçýär.

Ýene degişli makalalar

Efiopiýa jahankeşdelere ýurtdan kofe çykarmagy gadagan etdi
Dünýäniň kyrkdan gowrak ýurdunyň döwlet Baştutany BRIKS-iň sammitine gatnaşýar
GAR-da tokaý ýangynlaryna garşy göreşýärler
Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi
Keniýada we Somalide güýçli çabgalardan 30 adam pida boldy