Türkmenistanyň we Rumyniýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly gepleşikleri geçirdiler

14-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Rumyniýanyň daşary işler ministri Oana Toýunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Telefon söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen, syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we ÝB-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine hem garadylar.

Ýene degişli makalalar

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar
ABŞ we Türkmenistan ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmelerini geçirdiler
Moldowanyň Daşary işler ministri Türkmenistana sapar etmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan-Malaýziýa: ynsanperwer we senagat ulgamlarda hyzmatdaşlyk ähtnamalaryna gol çekildi
Türkmenistan, Ýaponiýa ikileýin salgyt salynmagyny aradan aýyrmak barada ylalaşyk baglaşdylar