Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnamana gol çekmek dabarasy geçirildi.

Resminama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Selsu Waz du Nasimentu Matuş gol çekdiler.

Teswirnama gol çekmek dabarasynyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň hökümetlerini hem-de halklaryny diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak bilen gutladylar hem-de bu ädimiň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm itergi berjekdigini bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
Polisiýa paýtagty köne ulaglardan arassalaýar’
Aşgabat: Ulaglarda alajalary asmak gadagan edildi
Aşgabatda goýy reňkli ulaglar awlanýar’; ak reňke boýamak talap edilýär
Daşoguz: Prokuratura işgärlerine gymmatbaha ulaglary sürmek dilden gadagan edildi
1-nji ýarymda “Milan”, 2-nji ýarymda “Inter”