Türkmenistanyň we Täjigistanyň baş diplomatlary özara pikir alyşdylar

Türkmenistanyň we Täjigistanyň baş diplomatlary özara pikir alyşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, şol sanda halkara hem-de sebit gün tertibiniň ähmiýetli ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar. Taraplar şeýle-de YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitiniň barşynda iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda geçiriljek gepleşikleriň gün tertibini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmäge bagyşlanan gepleşik geçirildi
Serdar Berdimuhamedow 10-11-nji aprelde Täjigistanda saparda bolar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Duşanbede Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Täjigistana barar
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana saparynyň meýilnamasy maslahatlaşylýar