TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA KOMITETINIŇ MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞDY

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA KOMITETINIŇ MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 1-2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümi Türkmenistanyň Mejlisiniň, daşary işler, adalat we içeri işler ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň, Baş prokuraturanyň hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekillerinden ybarat.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Raýat we syýasy hukular hakyndaky halkara Paktynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça üçünji döwürleýin hasabatyna seredildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti Komitetiň ozal beren teklipleri esasynda bu ugurda alnyp barylýan işler barada mejlise gatnaşyjylara maglumat berdi.

Mejlisde türkmen tarapy bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti bilelikde Türkmenistanyň ýokarda agzalan Paktdan gelip çykýan adam hukuklary boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine syn berdiler.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda ýurdumyzda adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek we bu ugurda kanunçylyk binýatlaryny kämilleşdirmek boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Adam hukuklary babatynda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginde BMG-niň düzüm birlikleri tarapyndan Türkmenistanyň milli hasabatlaryna hödürlenýän tekliplere aýratyn üns berilýändigi bellenildi.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň agzalary türkmen wekiliýetine mejlisiň işine işjeň gatnaşandygy we onuň dowamynda eden çykyşy üçin hoşallyk bildirdiler.

Şeýle hem bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we adam hukuklary çygrynda ýerine ýetirilmeli işleri kesgitlemek üçin taraplaryň arasyndaky gepleşikleri birek-birege ynanyşmak we aýanlyk ýörelgeleri esasynda alyp barmaklygyň zerurdygy barada nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

HUSILERIŇ ÝEMENE WE SAUD ARABYSTANYNA GURAN HÜJÜMLERINDE ASUDA ILATDAN 11 ADAM ÝARALANDY
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär
GADYMY ÄNEW MEDENIÝETI — ADAMZADYŇ GYMMATLY MIRASY
MAGTYMGULYNYŇ MIRASY ADAMZAT MEDENIÝETINIŇ GENJI-HAZYNASYNYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGIDIR
MAGTYMGULYNYŇ MIRASY ADAMZAT MEDENIÝETINIŇ GENJI-HAZYNASYNYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGIDIR