Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy tarapyndan geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy tarapyndan guralýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumy Barselona şäherinde geçirilýär.Foruma Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Forumyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň döwrebap bazar ykdysadyýetini ösdürmek we hususy pudagyň ornuny güýçlendirmek boýunça edilýän tagallalar barada maglumaty ýetirer. Çärä gatnaşyjylar ulag we logistika infrastrukturasy, täze zaman energiýasy, oba senagat toplumy, sanly ykdysadyýet, şäher infrastrukturasy we syýahatçylyk ýaly hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlar bilen tanyşdyrylar.

Hususy maýa goýumlaryny çekmek üçin oňyn meýdança hökmünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýeti aýratyn belleniler.Deňze çykalgasy bolmadyk ýurt hökmünde Türkmenistan deňiz ýoly bolmadyk ýurtlar üçin döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan, 2024 2034-nji onýyllyk üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ähmiýeti nygtalýar.

Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy ýurduň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, häzirki zaman döwlet-hususy hyzmatdaşlyk gurallaryny ornaşdyrmaga we durnukly ösüşi höweslendirmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
“Öwrülişik pursady”. Ýakyn Gündogardaky urşuň fonunda Astana bilen Aşgabat nebit we gaz üpjünçiligini artdyryp bilermi?
Türkmenistan Brýusselde Özara arabaglanyşyk platformasynyň işe girizilmegine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen halkara suw maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi