BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasiniň arasynda duşuşyk geçirildi.Myhman şu ýylyň 20 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň UNECE bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, şol sanda durnukly ösüş, energetika, ulag-üstaşyr özara baglanyşyklylygy we sebit integrasiýasy babatda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy UNECE-niň mandatyna ygrarlydygyny tassyklap, Komissiýanyň BMG-niň ählumumy çözgütlerini sebit derejesinde durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança hökmünde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen UNECE-niň 71-nji sessiýasyna ýokary derejede gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşykda durnukly energetika, metan zyňyndylaryny azaltmak, şeýle hem durnukly we howpsuz ulag geçelgelerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) jemleriniň, hem-de 20242034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Bu ugurda UNECE esasy sebit hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garalýar.Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň DIM-inde gender deňligi babatda CEDAW-yň maslahatlaryny ýerine ýetirmek boýunça amaly ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň BMG-niň Ilat Gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistan ESCAP-yň 82-nji sessiýasynda: sebit integrasiýasynyň we howa durnuklylygynyň ileri tutulýan ugurlary
UNIDO-nyň senagat boýunça Baş maslahatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy