Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkende sapar bilen bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkende sapar bilen bardy

Özbegistandaky Respublikan Türkmen medeniýet merkeziniň 20 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistana sapar bilen bardy diýip, Daşkent şäheriniň esasy syýahatçylyk we medeni miras bölüminiň metbugat gullugy habar berdi.

2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda meýilleşdirilýän saparyň çäginde wekiliýet agzalarynyň Daşkentde guralan birnäçe medeni çärelere gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, düýn Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň we Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Daşary ýurtlar bilen milletara gatnaşyklar we dostluk gatnaşyklary komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda gül goýmak dabarasy geçirildi. Dabara Daşkentde ýerleşýän Halklaryň dostlugy meýdançasyndaky Şomahmudowlaryň maşgalasy ýadygärliginiň eteginde guraldy. Bu çärä Daşkent şäheriniň häkiminiň syýahatçylyk, sport, medeniýet, medeni miras we köpçülikleýin aragatnaşyk boýunça orunbasary F. Dawrukow hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu gün — 2-nji noýabrda Daşkende saparynyň çäginde Respublikan Türkmen medeniýet merkeziniň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, Türküstan sungat köşgünde Özbegistan parahatçylygy we dostlugy wasp edýän ýurt atly gala konsert geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň ilkinji küşt olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlenildi
Gurban Berdiýewiň Kaýraty Gazagystanyň çempionatynyň täze möwsümine ýeňiş bilen girişdi
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Orta Aziýa Ýurtlarynyň Liderleriniň 4-nji Konsultatiw Duşuşygy
Gazagystanyň ilaty 19,6 million adamdan geçdi
Gazagystanda 3,5 müň oba döwrebaplaşdyrylar