Gazagystanda 3,5 müň oba döwrebaplaşdyrylar

Gazagystanda 3,5 müň oba döwrebaplaşdyrylar

Gazagystanda 3,5 müň obanyň ilatynyň ýaşaýyş şertleri gowulandyrylar. Munuň üçin serişdeler eýýäm bölünip berildi. Taslamany durmuşa geçirmek barada ýurduň hökümet ýygnagynda habar berildi diýip, MIR 24 ýazýar.

Obalary ösdürmek üçin taslama bu ýylda 143 milliard teňňe goýberildi, onuň maksady adamlaryň oňaýly durmuşyny üpjün etmekdir.

Taslamanyň çäklerinde oňat hilli ýollary, medeniýet, sport we saglygy goraýyş binalaryny, döwrebap mekdepleri gurmak, umuman, infrastrukturany ösdürmek göz öňünde tutulýar diýip, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Alihan Smailow belledi.

Taslama sekiz million adama galtaşar. Ilkinji nobatda iň köp ilatly ýerleri döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar, eýýäm Atyrau, Kostanaý, Demirgazyk-Gazagystan we Türküstan oblastlarynda taslama durmuşa geçirilip başlandy.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan ýeke-täk wagt ölçegine geçdi
Gazagystanyň üç sebitine çekirtge hüjümi howp salýar
Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň ekin meýdanlaryny çekirtge basdy
Ok-däri üçin pagta: Merkezi Aziýa Kremliň harby maksatlary üçin çig mallary nädip üpjün edýär
Gurban Berdiýewiň Kaýraty Gazagystanyň çempionatynyň täze möwsümine ýeňiş bilen girişdi
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Orta Aziýa Ýurtlarynyň Liderleriniň 4-nji Konsultatiw Duşuşygy