Türkmenistanyň wekiliýeti DÖM pursady atly BMG-niň ýokary derejeli çäresine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti DÖM pursady atly BMG-niň ýokary derejeli çäresine gatnaşdy

19-njy sentýabrda BMG-niň ştab-kwartirasynda DÖM pursady atly ýokary derejeli çäre geçirildi. Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine itergi bermek maksady bilen gurnalan çärä BMG-niň ýolbaşçylary, dünýä liderleri,, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti, Hoşniýetliligiň ilçileri, şeýle hem döwlet we hususy ulgamlaryň, akademiki toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Çäräni açmak bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş häzirki wagtda dünýäde dürli gapma-garşylyklar we tebigy heläkçilikler, ynanyşmazlyklar we bölünişikler, garyplyk, deňsizlik we hukuk kemsitmeleri, azyk harytlaryň we energiýa serişdeleriniň bahalarynyň artmagy, işsizlik we girdejileriň azalmagy, adamlaryň toparlaýyn göçmegi, ählumumy pandemiýanyň dowam edýän netijeleri we ösüp barýan ýurtlarda dikeltmek çärelerini geçirmek üçin maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligi ýaly birnäçe meseleler bilen duş gelýändigini belledi.

Köpsanly meseleleri ýeňip geçmek üçin, BMG-de aýdylyşy ýaly, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşine üpjün etmek, azyk haryt ulgamynda özgertmeleri geçirmek we sanly ulgamyň mümkinçilikelrini giňeltmek hem-de adamlaryň bähbidine maýa goýumlary artdyrmak zerurdyr.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygy Çaba Körýöşi öz çykyşynyň dowamynda Antoniu Guterrişiň sözlerini gaýtalamak bilen, häzirki wagtda dünýäniň yza galýandygyny, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmäge özüňi bagyşlamagyň zerurdygyny we öz wagtyndalygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Raşid Meredow Nýu-Ýorkda Antoniu Guterriş bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdy
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedir
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen gepleşik geçirdi