Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilýän Orhus merkezleriniň ýyllyk duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilýän Orhus merkezleriniň ýyllyk duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 17-18-nji oktýabrda Duşenbe şäherinde geçirilen Orhus merkezleriniň ýyllyk duşuşygyna gatnaşdy.

Ashgabat.in saýtynyň habar bermegine görä, duşuşygyň maksady Orhus konwensiýasyny durmuşa geçirmek babatda Günorta-Gündogar Ýewropanyň, Gündogar Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň 14 ýurdunda hereket edýän Orhus merkezleriniň arasynda tejribe we bilim alyşmakdan ybarat boldy.

Duşuşyk şu aşakdaky tematiki mejlisleri öz içine aldy:

Ýeri gelende bellesek, Aşgabatdaky Orhus merkezi şeýle duşuşyklara yzygiderli gatnaşyp, özüniň bu ugurdaky tejribesini we pikirlerini paýlaşýar. Hususan-da, Duşenbedäki duşuşykda türkmen wekiliýeti maglumat gorlaryny wagtal-wagtal täzelemegiň zerurdygyny hem-de Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde täze Orhus merkezlerini döretmek arkaly işjeňligi giňeltmek isleýändiklerini nygtadylar.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar Duşenbäniň 24 kilometr günbatarynda ýerleşýän Gadymy Gissar taryhy we medeni goraghanasyna, Merkezi Aziýanyň iň uly gidroelektrik stansiýasy bolan Nurek gidroelektrik stansiýasyna hem-de Täjigistanyň Milli muzeýine baryp gördüler.

* * *

Daşky gurşaw meselelerinde maglumat elýeterliligi, çözgütleri kabul etmekde jemgyýeçiligiň gatnaşmagy we adyl kazyýetiň elýeterliligi baradaky konwensiýa (Orhus konwensiýasy) 1998-nji ýylyň 25-nji iýunynda Daniýanyň Orhus şäherinde 38 ýurt tarapyndan gol çekildi.

Türkmenistan bu Konwensiýa 1999-njy ýylyň 30-njy aprelinde goşuldy. 2012-nji ýylda bolsa Aşgabatdaky Orhus merkezi esaslandyryldy. Merkeziň edarasy häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň binasynda ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen ÝeHHG-niň hyzmatdaşlygy sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendir
08.05.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Altyn asyr Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
“Real Madridiň” ýeňişli ýörişiniň başlangyjy
“Real” Madridde hem ýeňiş gazanýar
Alymlar: Tozan bölejikleri sebäpli pidalar pandemiýanyň görkezijilerinden ýokary bolar