TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ENERGOPROM-2026 KAZAN FORUMYNA GATNAŞÝAR

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ENERGOPROM-2026 KAZAN FORUMYNA GATNAŞÝAR

2026-njy ýylyň 1-3-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyn paýtagtynda Energoprom-2026 Kazan halkara elektroenergetika forumy geçirilýär. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow ýolbaşçylyk edýär.

Kazan EKSPO halkara sergi merkezinde geçirilýän çärä Russiýa Federasiýasynyň we daşary ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, GDA agza döwletleriň energetika ministrleri, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, iri energiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy enjam öndürijiler gatnaşýarlar.

Forumyň çäklerinde ýöriteleşdirilen elektroenergetika sergisi guralyp, bu ýerde 100-den gowrak kompaniýalar döwrebap tehnologik çözgütleri, şol sanda gaz turbinalaryny we täze elektrotehnika enjamlaryny hödürleýär.

Çärä gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary işläp düzmäge, tejribe we tehnologiýalary alyşmaga, şeýle hem pudagyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýän energetika giňişligini döretmäge aýratyn üns berýärler.

Mälim bolşy ýaly, iň täze tehnologiýalary we ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak esasynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly, Türkmenistan häzirki döwürde bu ugurda işjeň syýasaty alyp barýar. Ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlar, halkara guramalary, öňdebaryjy kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary, paýlaýjy elektrik beketleri işe girizildi.

Forumyň çäklerinde GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň barşynda energiýa ulgamlaryny utgaşdyrmak, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, sanlylaşdyrmak we energetika infrastrukturasynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak meselelerine garaldy.

***

2-nji aprelde Kazan şäherinde elektroenergetika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň energetika ministri bilen Russiýa Federasiýasynyň energetika ministri Sergeý Siwilewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar türkmen-rus energetika dialogynyň geljegini energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak babatyndaky bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, energetika ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Energetika dialogynyň giňeldilmegi: Türkmenistanyň wekiliýeti Energoprom-2026 Kazan forumyna gatnaşýar
30.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
06.09.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.09.2019 | Aşgabatda pudaklaýyn halkara sergisi we maslahaty geçirilýär
Aşgabatda pudaklaýyn halkara sergisi we maslahaty geçirilýär
20.10.2019 | Resmi habar