Türkmenistanyň wekiliýeti Kazanda bilim ministrleriniň halkara forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Amanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 8-9-njy iýunynda Kazanda geçirilýän “Geljegi döretmek” atly bilim ministrleriniň Halkara forumyna gatnaşýar.

Forumda Türkmenistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Müsür, Senegal, Mali, Zimbabwe, Merkezi Afrika Respublikasy, Siriýa Arap Respublikasy, Pakistan, Mýanma, Şri-Lanka, Kuba, Wenesuela, Belarus, Gyrgyzystan, Täjigistan we Gazagystan ýaly 20-den gowrak ýurtdan bilim ministrleri ýygnandy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin forumda wideoýüzlenmesi bilen çykyş etdi.Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministri Sergeý Krawtsow, Ylym we Ýokary bilim ministri Waleriý Falkow we beýleki rus we daşary ýurt işgärleri hem çykyş etdiler.

mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar bilimiň ykdysadyýeti ösdürmekdäki orny, ýokary hilli bilimiň elýeterli bolmagy, bilim bermegiň täze usullary, ýaşlar bilen işlemek, çagalaryň dynç almagy, çagalar bilen işlemek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumyň çäginde ýöriteleşdirilen sergi geçirildi, bu ýerde bilim we usulyýet gollanmalary, okuw otaglary , barlaghanalar we hünärden öňki synplarüçin esbaplar we enjamlar görkezildi.

Türkmen wekiliýeti Halkara forumyň çägindäki çärelerine, bilim ministrleriniň köptaraplaýyn duşuşygyna, Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň we käbir rus uniwersitetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklara gatnaşar we Kazan şäherindäki “Полилингвальный комплекс “Адымнар – путь к знаниям и согласию” atly ýöriteleşdirilen mekdebiň bilim bermek prosesi bilen tanyşar.

Ýene degişli makalalar

Geljegi döretmek forumynyň çäginde türkmen wekiliýeti birnäçe duşuşyk geçirýär
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISINDE ŞU ÝYLYŇ ÝANWAR-APREL AÝLARYNDA DIM TARAPYNDAN AMALA AŞYRYLAN IŞLERINIŇ NETIJELERI BARADA HASABAT BERILDI
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ertir 35-nji Afrika Milletler Kubogyna badalga berler
Salah milli toparyna 90-njy minutdan soň ýeňiş getirdi
1/8 finala çykan toparlar belli boldy