Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýasynyň 11-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýasynyň 11-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 1718-nji iýunda Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň Baş Assambleýasynyň 11-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Mejlise Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi we ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili, ÝUNESKO boýunça Milli toparyň jogapkär sekretary, Daşary işler ministrliginiň wekili hem-de maddy däl medeni miras boýunça bilermenler gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjy döwletler Konwensiýanyň ýerine ýetirilişi, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we maddy däl medeni mirasy goramagyň dünýä ulgamyny pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar 20242025-nji ýyllar boýunça taýýarlanan hasabatlar bilen tanyşyp, maddy däl medeni mirasy goramak, resminamalaşdyrmak we giňden tanatmak ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 11-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisine gatnaşýar
Maddy däl medeni mirasy gorap saklamakda peýdaly halkara çäre
Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy
MOSKWA ŞÄHERINDE BIOLOGIK HOWPSUZLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUS GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI