Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri sylaglanar

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Ýaşlar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler.

Bu bäsleşige Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp sanlysy hödürlenip, şolaryň arasyndan ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda gazanan üstünlikleri, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi.

Bu barada 14-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ýaşlar baýragy gowşuryldy
Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglanar
Ýürek buýsanjym
Balkanabatda mejbury abuna ýazylmadyk okuwçylar mekdebe goýberilmeýär
Deňizçilik sergisi geçirilýär