Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri sanly bütewi bilim ulgamyny döretmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şy ýylky okuw ýylynyň başynda ýörüte Karary bilen tassyklanan sanly bilim ulgamynyň milli Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň ugurlaryna bagyşlanan ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň howandarlygynda TDUweAI tarapyndan gurnalan okuw prosesine IT-tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň meseleleri boýunça foruma inženerler we pudaklaýyn kafedralaryň mugallymlary gatnaşdylar.

Türkmen döwlet energetika institutynda Moodle halkara sanly bilim ulgamynyň binýadynda döredilen E-learning okuw merkezi bilen tanyşdylyş uly gyzyklanma döretdi. Onuň işleýşi barada bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy işler boýunça prorektory, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Aganyýaz Jumaýew şeýle gürrüň berýär:

- Moodle ulgamy üç ýyl mundane ozal “ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinde elektron okuw merkezlerini döretmek“ halkara maksatnamasynyň çäklerinde okuw prosesine ornaşdyryldy. Türkmen tarapyndan oňa Bilim ministrligi, binagärlik we gurluşyk instituty, halkara nebit we gaz uniwersiteti, energetika instituty gatnaşýarlar. Ýewropa Bileleşiginden Germaniýanyň Ýokary telekeçilik mekdebi (Bilefeld), Sofiýa Antipolis“ Uniwesiteti (Nissa, Fransiýa), Kaunasyň tehnologiýa uniwersiteti (Litwa) onuň utgaşdyryjylarydyr.

Taslamanyň esasy maksatlary- ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda elektron okuw mekdeplerini döretmekden; Ýokary okuw mekdeplerine elektron bilimi ornaşdyrmak we ony ulanmak“ okuw gollamnmasyny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Oňa gatnaşyjylar Fransiýada iki hepdelik okuw geçdiler. Energetika institutynyň düzüminde iň döwrebap enjam bilen enjamlaşdyrylan E-learning okuw merkezi döredildi, onuň düzgünnamasy işlenilip taýýarlanyldy, merkeze jemgyýetçilik esaslarynda tehniki ulgamlary awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň mugallymy Rejep Agaýew ýolbaşçylyk edýär.

Merkeziň işi bilim prosesiniň netijeliligine, talyplary saýlap alan hünäri boýunça dersleri çuňňur öwrenmäge höweslendirmäge gönükdirilendir. Mugallymlar olara maslahatlary berýärler, talyplaryň bilimleriniň test arkaly barlanmagy bolsa olaryň sapaklara ýetişigini we geljekki hünärmenleriň ylma ukybyny seljermäge mümkinçilik berýär.

Maglumatlar materiallaryny ulanmagyň statistikasynyň netijesinde ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary uzak aralykdan talyplaryň bilim alşyna syn edip bilerler.

Şeýle hem merkez ýokary okuw mekdebinde okaýan owganystanly ýaşlara dil öwrenmekde kömek berýärler, olar üçin iňlis dilinde umumy sapaklar tapgyry gurnaldy. Merkeziň ugurlarynyň ýene biri- halkara hünärmenleriniň we bilermenleriniň tematiki umumy we ýörüte sapaklaryny gurnamakdyr.

Taslamanyň çäklerinde merkeziň internet-portaly döredildi, şeýle hem intranet“ lokal ulgam hereket edýär, ýokary okuw mekdebiniň şäherçesiniň çäklerinde onuň hyzmatlaryndan peýdalanmak bolar. Bu bolsa mugallymlar bilen talyplaryň yzygiderli gatnaşykda bolmagyna mümkinçilik berýär. Elektron kitaphana üstünlikli işleýär.

Aganyýaz Jumaýew ýokary okuw mekdebiniň innowasion okuw merkeziniň iş tejribesi barada gürrüň berende, -hususan-da, okuw prosesine şu kysmy sanly bilim ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy köp derejede mugallymlaryň ussatlygyny ýokarlandyrmaga hem ýardam edýär- diýdi. Özi hem Moodle ulgamynyň ornaşdyrylmagy goşmaça maliýe çykdajylaryny talap etmeýär, çünki ol ählumumy ulgam arkaly ýaýradylýar we zerurlyk çykanda birnäçe sagatda bilim-maglumat portalyny döredip bolýar.

Häzirki wagtda dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň köpüsi Moodle ulgamyndan işjeň peýdalanýar.

Forumyň barşynda Türkmenistanyň döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň wekilleri iş tejribesini paýlaşdylar, onuň okuw prosesine bir aýa golaý mundan ozal Moodle halkara ulgamy ornaşdyryldy. Şunda TDUweA-daky interfeýs ýurdumyzyň bilim husgasyny ölçeglerine laýyklykda düzüldi.

Ýokarda agzalan ulgamy işjeň ulanylýan beýleki ýokary okuw mekdepleriniň-- Türkmenistanyň döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instiutynyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we beýleki ýokary mekdepleriniň wekilleri-de öz iş tejribesi barada gürrüň berdiler.

Mysal üçin, HYYweÖU-nde bu ulgam talyplaryň ýyllyk we diplom işlerinde ozal ýazylan işleriň alnyp-alynmanlygyny barlaýar.

Pikir alyşmanyň jemini jemläp, duşuşyga gatnaşanlar ýokary okuw mekdepleriniň maglumatlar ulgamynyň bütewi bilim ulgamyna birikdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar, oňa geljekde ýurduň beýleki okuw-terbiýeçilik ulgamlary-da goşularlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly we daşary ýurtly talyplar halkara matematika olimpidasyna çagyrylýar
Türkmenistanly talyplaryň arasynda filosofiýa boýunça geçirilen onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde şu ýyl 48 sany magistrant uçurym bolar
05.05.2017 • HYYweÖU-niň topary F.F. Martens adyndaky bäsleşige gatnaşanlygy üçin ýörüte diploma mynasyp boldy ...