Türkmennebit döwlet konsernine Nur Mimar hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümçilik desgalarynyň arassalanan suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap desgalary gurmagy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze “Kenar” sorujy bekediniň we öndürijiligi bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desganyň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada “Nur Mimar” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2026-njy ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de bekedi we desgany 2029-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmennebit döwlet konsernine Nur Mimar hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi