Türkmenpoçta PAK elektron poçtasynyň onlaýn dükanynda smart sagatlaryň satuwyny ýola goýdy

Türkmenpoçta PAK elektron poçtasynyň onlaýn dükanynda smart sagatlaryň satuwyny ýola goýdy

Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi saýty bolan market.turkmenpost.gov.tm onlaýn dükany täze harytlarynyň görnüşlerini artdyrýar.

Türkmenistanda kompýuterleri we elektron tehnikalaryny öndürýän Agzybirlik tilsimaty HK-nyň işläp taýýarlan smart sagatlarynyň birnäçe görnüşleri market.turkmenpost.gov.tm onlaýn dükanynyň saýtyna ýerleşdirildi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Hytaý Halk Respublikasynyň Hengsheng Lianhua Investment Management Co. Ltd., Tongfang Hongkong limited öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde döredilen Agzybirlik tilsimaty kärhanasynyň öndürýän smart sagatlary diňe bir sagat ýa-da bezeg bolman, eýsem durmuşy belli bir derejede aňsatlaşdyrýan şahsy kömekçi bolup hyzmat eder.

Belläp geçsek, häzirki wagtda Agzybirlik tilsimaty kärhanasynyň satlyga çykaran täze smart sagatlaryny diňe market.turkmenpost.gov.tm onlaýn dükanyndan satyn alyp bolýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenpoçta PAK onlaýn dükanynda smart sagatlaryň satuwy ýola goýuldy
Türkmenistanda birinji synp okuwçylaryna täze kompýuterler sowgat berildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Maliýe — ykdysadyýet ulgamy
13.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Maliýe — ykdysadyýet ulgamy
08.09.2019 | Sanlaşdyrmak işleri hereketde: möhüm ädimler we iri meýilnamalar
Sanlaşdyrmak işleri hereketde: möhüm ädimler we iri meýilnamalar