Türkmentel 2025 atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler

12-14-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň Türkmentel 2025 atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler.

Bu çäre halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine alar.

“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş -2025” atly halkara maslahat we sergi halkara ulag pudagynda netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, ulag toplumynda infrastruktura mümkinçilikleri: awtobanlar, demir ýol menzilleri, halkara deňiz portlary we howa menzilleri bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup, ara alnyp maslahatlaşyljak esasy mowzuklaryň ulag-logistika pudagynyň pandemiýadan soňky dikelişi, ulag-aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak, durnukly ulagyň daşky gurşaw bilen bagly taraplary, ýaşyl infrastrukturany ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny, ulag-aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylymyň we bilimiň ähmiýeti bilen baglydyr.

Geçirilýän ýeri

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy.

Aşgabat şäheri, Türkmenistan, Çandybil şaýoly, 143.

Serginiň geçýän wagty: 2025-nji ýylyň 12-14-nji noýabr aralygynda – 09:00 18:00

Guramaçylyk topary

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

Tel.: + (99312) 398881, 398882, 398884

E-mail: sergi5@cci.gov.tm

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi

Tel.: +993 12 449099, 449393

E-mail: techdep@telecom.tm, mincom@sanly.tm

Çäräniň resmi hyzmatdaşy

Net Fuar Organizasyon Ltd.Sti / Net Gurama

Tel.: +90 212 272 61 20; E-mail: net@netorganization.net

Ýene degişli makalalar

Jan Tehnologiýa Türkmentel-2024 sergisinde innowasion sanly çözgütlerini tanyşdyrar
MEETING OF THE MINISTER OF FOREIGN AFFAIRS OF TURKMENISTAN WITH THE SECRETARY GENERAL OF THE ORGANIZATION OF TURKIC STATES
Türkmen telekeçisi organiki dökünleriň önümçiligini ýola goýdy
Lebapda kompozitor Batyr Soltanowyň 60 ýaşy mynasybetli konsert geçirildi
Türkmenistanda ezoteriki hyzmatlar rowaç alýar
TRT-niň Baş Müdiri Sobajy Ýewropaly Ýaýlym Organlaryny Terrorizme Garşy Durmaga Çagyrdy