Tulada Lew Tolstoýyň we aýalynyň sergisi açyldy

Russiýanyň Tula şäherinde Lew Tolstoýyň maşgalasynyň şahsy zatlarynyň sergisi açyldy.Sergi 2023-nji ýylyň 22-nji ýanwaryna çenli Tuladaky “Ýasnaýa Polýana” muzeý-mülkünde dowam eder.Sergi ýazyjynyň maşgalasynyň gyşky däplerine bagyşlanýar.

Bu ýerde ýazyjynyň hem-de aýalynyň çagalary bilen bilelikde Roždestwo taýynlygy barada gürrüň berilýär.Sergide penjekler, kitaplar, öý goşlary, Tolstoýyň aýaly Sofiýanyň fotosuratlary ýaly 50-den gowrak eksponat ýerleşdirilipdir. “Şelkunçik” baletindäki saz bolsa, sergi bilen utgaşdyrylyp, ýaňlanýar.

Bu ýere gelýänler ýazyjynyň aýaly Sofiýa tarapyndan çekilen “Ýasnaýa Poliananyň” gyş manzarlaryny hem synlap bilerler. “Bu täze sergi, biz ony Täze ýyl üçin ýörite taýýarladyk, Tolstoýyň aýalynyň çeken kartinalary bu görnüşde ilkinji gezek hödürlenýär – diýip, muzeý-mülk sergisiniň müdiri Mariýa Arşakýan aýtdy.

Ýasnaýa Polýana – Tula sebitiniň Şekino etrabyndaky bir mülk bolup, bu ýerde 1828-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Lew Tolstoý dünýä inýär. Ýazyjynyň mülkündäki tokaýlar, seýilgähler, baglar we beýleki ýadygärlikler 1921-nji ýylda döwlet tarapyndan gorag astyna alyndy. 1986-njy ýylda “Ýasnaýa Polýana” muzeýi döwlet memorial we tebigy goraghanasyna öwrülip, 1993-nji ýylda aýratyn ähmiýetli medeni obýekt derejesine eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Tulada Lew Tolstoýyň şahsy zatlarynyň sergisi açyldy
Tolstoýyň Nobel komitetinden haýyşy
Paýhaslar
Halaýan ýazyjy-şahyrlaryny mälim etdiler  
Iň meşhur sanly nusgawy kitap boldy
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (2-nji bölüm)