Turkmenportalda PRO100 TECH tehno synynyň ilkinji sany ýerleşdirildi

Turkmenportalda PRO100 TECH tehno synynyň ilkinji sany ýerleşdirildi

Turkmenportal web sahypasyndaky Mediýa bölüminde PRO100 TECH atly täze gepleşigiň birinji bölümi ýerleşdirildi. Täze gepleşikde alypbaryjy Kirill Tişkin tehnologiýa we elektronika dünýäsine degişli enjamlara syn berer.

Synyň ilkinji mowzugy garaşylýan flagman smartfony Samsung Galaxy S24 boldy. Gepleşikde belli bolan maglumatlara esaslanýan täze modelleriň aýratynlyklary barada jikme-jik maglumat berilýär.

PRO100 TECH bölüminiň tapawutly aýratynlygy — islendik ulanyjylar üçin ýönekeý we düşnükli dilde enjamlaryň tehniki aýratynlyklaryny düşündirmekden ybaratdyr.

Turkmenportal web sahypasyndaky Mediýa bölüminde PRO100 TECH-iň täzeliklerini yzarlap bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Ýurduň günorta-günbatar sebitleri, şol sanda Nohur, Garawul geňeşlikleri sil suwlaryndan ejir çekýär
Tejenli gallaçylar bugdaý meýdanlarynda gemrijileriň we ýylanlaryň köpelmegine alada bildirýär
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Magtymgulynyň ýubileýi mynasybetli täze kitaplary taýýarlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününiň 67 ýyllygyna
26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşik geçiriler