“Twitter”-iň mahabat girdejisi azalýar

Ilon Mask tarapyndan satyn alnandan soňra “Twitter”-iň mahabat girdejileriniň azalýandygy mälim edildi. Maglumatlara görä, jemgyýetçilik torunyň girdejisi soňky bir ýylda 19,8 göterim azalypdyr.

Arassa energiýa, elektroulag önümçiligi we kosmos pudagy ýaly ugurlarda iş alyp barýan Ilan Mask geçen ýylyň oktýabr aýynda “Twitter”-i 44 milliard dollara satyn aldy. Şondan gysga wagtdan soňra Mask ispan işewüri Bernar Arnodan yza galyp, dünýäniň iň baý ikinji adamy bolupdy.

Has dogrusy geçen ýylyň dekabr aýynda LVMH-niň ýolbaşçysy Bernar Arno 185,4 milliard dollarlyk baýlygy bilen milliarderleriň sanawynda birinji orna çykypdy.Bu üýtgeşiklikde diňe “Twitter”-iň däl, eýsem, “Tesla”-nyň paýnamalarynyň arzanlamagynyň hem täsiri bolupdy.

Ondan soňra Mask ýene-de birinji orna çykan hem bolsa, geçen ýyl köp ýitgi çekdi.

Geçen ýyl Ilan Mask 140 milliard dollar töweregi ýitgi çekdi. Bu ýitgi sanawa giren beýleki ähli işewürleriňkiden hem köp boldy. Şeýlelikde ýylyň ahyrynda 130 milliard dollarlyk baýlygy bilen Bloomberg Milliarderler Indeksinde Bernar Arnodan soňra ikinji orna düşdi.

Agzalary artýan “Threads” “Twitter”-iň ýerine geçip bilermi?

“Facebook”, “Instagram” we “WhatsApp” ýaly programmalara eýeçilik edýän “Meta” kompaniýasy “Twitter”-a bäsdeş jemgyýetçilik toruny hyzmata hödürledi. “Threads” atly bu platforma ýazylanlaryň sanynyň eýýäm 70 milliona ýetendigi mälim edildi. “Meta”-nyň ýolbaşçysy Mark Zukerberg agzalaryň sanynyň garaşylandan has ýokarydygyny mälim etdi.

“Threads”-iň agzalarynyň sanynyň artmagynda ulanyjylaryň “Instagram” hasaplary arkaly bu platforma girip bilmekleriniň täsiriniň uludygy bellenilýär.

Interfeýsi “Twitter” bilen meňzeş bolan “Threads” geçen hepdäniň çarşenbe güni açylypdy. Bu platformada 500 harpa çenli teksti goýup boljakdygy, link, surat we 5 minuta çenli wideo goýlup bilinjekdigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Sanawyň başyny çekdi
Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyny çekdi
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi