TÝL ― 2020: Altymyrat Annadurdyýew bir möwsümde iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň ilkinji bäşligine girdi

TÝL ― 2020: Altymyrat Annadurdyýew bir möwsümde iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň ilkinji bäşligine girdi

Ozal hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 24-nji tapgyrynda Altyn asyr Şagadamy 4:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Altymyrat Annadurdyýew üç gezek tapawutlandy.

Altymyrat Annadurdyýew bu netije bilen Ýokary liganyň tarayhynda bir möwsümde iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň ilkinji dörtlügine girdi. Ýeri gelende aýtsak,

1992-nji ýylda Sergeý Kazankow (TSHT), 1995-nji ýylda Rejepmyrat Agabaýew (Nisa) ― 41,

2001-nji ýylda Didargylyç Urazow (Nisa) ― 32,

2015-nji ýylda Myrat Ýagşyýew (Nebitçi) ― 31,

2005-nji ýylda Berdi Şamyradow (HTTU), 2016-njy ýylda Süleýman Muhadow (Altyn asyr) ― 30 pökgi geçirdi.Indi 30 pökgüli futbolçylaryň hataryna Altymyrat Annadurdyýew hem goşuldy.Eger ol öňde duran dört tapgyrda ýene 3 pökgi geçirip bilse, soňky 28 ýylyň içinde bir möwsümde iň kän pökgi geçiren futbolçy bolar. Ýöne A.Annadurdyýewiň rekordy täzelemegi üçin dört duşuşykda 12 pökgi geçirmegi gerek bolar.

Bu bolsa her duşuşykdan azyndan het-trik talap edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
Türkmen futbolçylarynyň halkara abraýy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÝL ― 2020: Altymyrat Annadurdyýew Ýokary liganyň taryhynda ilkinji ýedilige girdi
TÝL ― 2020: 22-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2020: 24-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar