
Şagadamyň futbolçysy Röwşen Begjanow Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasyndaky ilkinji pökgüsini geçirdi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, ol çempionatyň 3-nji tapgyrynda toparynyň Altyn asyr bilen geçiren duşuşygynyň goşmaça wagtynyň 3-nji minudynda tapawutlandy. Duşuşygyň 4:2 hasabynda Şagadamyň ýeňşi bilen tamamlanandygyny ýatladýarys.
Şeýlelikde, Röwşen Begjanow Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri tapawutlanan 302-nji futbolçy boldy.