TÝL. Merdan Saparow karýerasyny tamamlady

TÝL. Merdan Saparow karýerasyny tamamlady

Tejribeli derwezeçi Merdan Saparow 38 ýaşynda futbol ýoluny tamamlap, Marynyň Merw toparynda derwezeçileriň tälimçisi bolup işe başlady. Mary futbol mekdebiniň uçurymy karýerasynyň bütin dowamynda dogduk welaýatyna wekilçilik edýän toparlaryň ― Merwiň we Energetigiň derwezelerini gorady.

Merdan Saparowyň geçen ýyl Merw bilen AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn ýaryşyna hem gatnaşandygyny ýatladýarys. Ol futbol oýnan ýyllarynda maryly janköýerleriň söýgüsini gazanmagy başardy. Indi bolsa öz tejribesini toparyň ýaş derwezeçileri bilen paýlaşar.

Şeýle hem resmi däl maglumatlara görä, geçen möwsümde Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam futbol toparynda çykyş eden Baýramgeldi Nurlyýew ýakyn günlerde Merwiň düzümine goşulmaly.

Çeşme: Janköýer

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: Ahal Energetigi ýeňip, dördünji orna göterildi
TÝL ― 2023: Altyn asyr kümüş medalyň eýesi boldy
TÝL ― 2023: AFK-daky duşuşyklaryny tamamlan Ahal bilen Merw özara güýç synanyşar
TÝL ― 2023: Ahal bir günlük arakesmeden soň Energetik bilen duşuşar
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi