TÝL ― 2023: AFK-daky duşuşyklaryny tamamlan Ahal bilen Merw özara güýç synanyşar

TÝL ― 2023: AFK-daky duşuşyklaryny tamamlan Ahal bilen Merw özara güýç synanyşar

AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky göreşini tamamlan Ahal ýene-de ähli ünsüni çempionata we Kubok ýaryşyna gönükdirýär. Serdar Geldiýewiň şägirtleri şu gün Ýokary liganyň 12-nji tapgyrynyň çäginde Marynyň Merwini kabul ederler.

Paýtagtdaky Nusaý stadionynda geçiriljek duşuşyk sagat 14-de başlanar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy duşuşygyň baş emininiň paýtagtly hünärmen Resul mämmedow boljakdygyny habar berdi.

18 duşuşykda 26 utuk toplap bilen Ahal häzir ýaryş tertibiniň bäşinji basgançagynda. Birinji aýlawda şowsuz çykyş eden topar indi ikinji we üçünji aýlawdaky ýeňişleri bilen ýitiren utuklaryň öwezini dolmak isleýär. Ahal şu gün ýeňiş gazanyp bilse, dördünji orundaky Aşgabat bilen aralygy 1 utuga çenli ýygrar.

21 duşuşykda 13 utuk toplap bilen Merw bolsa ýaryş tertibiniň iň soňky basgançagynda barýar. Topar şu gün ýeňiş gazanyp bilse, sekizinji orna göterilip, ýedinjilikdäki Energetik bilen hem arany 1 utuga çenli ýygrar.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: Ahal Energetigi ýeňip, dördünji orna göterildi
TÝL. Merdan Saparow karýerasyny tamamlady
TÝL ― 2023: Ahal bir günlük arakesmeden soň Energetik bilen duşuşar
TÝL ― 2023: Altyn asyr kümüş medalyň eýesi boldy
TÝL. Transfer: "Ahalyň" 5-nji we 6-njy transferleri
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi