TÝL ― 2023: Ahal Energetigi ýeňip, dördünji orna göterildi

TÝL ― 2023: Ahal Energetigi ýeňip, dördünji orna göterildi

Ahala AFK-nyň Çempionlar ligasynda kömek edip bilmeýän goragçy Bagtyýar Gürgenow toparynyň çempionatdaky ýedinji ýeňşine goşant goşdy. Ahal düýn Mary şäherinde 10-njy tapgyryň çäginde ýerli Energetik bilen geçiren duşuşygynda hut Bagtyýar Gürgenowyň 66-njy minutda geçiren ýeke-täk goly bilen üstün çykdy.

Çempionlar ligasynyň metbugat ýygnanyşyklarynyň birinde baş tälimçi Serdar Geldiýewe Gürgenow bilen bagly sowal berlipdi.Mälim bolşy ýaly, futbolçy şu Özbegistanyň Kyzylkumy bilen şertnama baglaşdy. Ýöne özbek topary bilen göwnündäki ýaly oýny orta goýup bilmedik goragçy topar bilen tiz wagtda hoşlaşyp, Ahalyň düzümine goşuldy. Çempionlar ligasy üçin AFK-a berlen sanawda adynyň ýokdugy üçin Gürgenow Ahala diňe milli ýaryşlarda kömek edip bilýär.

Onuň näderejede haýrynyň degýandigini bolsa 10-njy tapgyryň duşuşygy görkezdi.

Bu ýeňişden soň utugyny 23-e çykaran Ahal ýaryş tertibinde iki basgançak böküp, dördünji orna çenli göterildi. Ýöne topar üçünji orundaky Nebitçiden 7, ikinjilikdäki Altyn asyrdan 18, lider Arkadag toparyndan bolsa 31 utuk yzda. Üstesine, toparyň oýunlarynyň sany hem özünden öňdäki garşydaşlarynyňka deňleşiberdi.

Bu bolsa janköýerleriň indiki möwsümde Ahaly yklym ýaryşlarynda görmek mümkinçiligini azaldýar. Çünki AFK-nyň täze ýaryşlaryna Türkmenistandan diňe iki topar gatnaşar. Ýurduň çempiony AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň toparçalaryna goşulmaga hukuk gazansa, Kubogyň eýesi ýa-da kümüş medal gazanan topar bu ýaryşa goşulmak üçin saýlama duşuşyklary geçirmeli bolar. Şonuň üçin hem çempionlyga umydy azalan Ahal Kubok ýaryşyna ünsi gönükdirse gerek.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: Ahal bir günlük arakesmeden soň Energetik bilen duşuşar
TÝL ― 2023: AFK-daky duşuşyklaryny tamamlan Ahal bilen Merw özara güýç synanyşar
TÝL ― 2023: Altyn asyr kümüş medalyň eýesi boldy
TÝL. Merdan Saparow karýerasyny tamamlady
Arkadag futbol topary Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy
AÇL 2023/24: “Ahal” “Al-Feýhanyň” myhmany bolar