2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy badalga alýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy badalga alýar

Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň 35-nji möwsümi çärýek final duşuşygy bilen badalga alýar. Şu ýyl ýurdumyzyň topar derejesindäki ikinji iň möhüm baýragy ugrunda Ýokary liganyň 8 topary bäsleşer.

Olaryň üçüsi paýtagtymyza wekilçilik edýän Altyn asyr, Aşgabat we Köpetdag toparlarydyr.Balkan welaýatyndan Balkanabadyň Nebitçi we Türkmenbaşynyň Şagadam toparlary, Mary welaýatyndan Merw, Ahal welaýatyndan Ahal, şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanyň çempiony we Kubogynyň eýesi bolan döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň adybir Arkadag topary ýaryşa gatnaşýar.

Ilkinji bolup Türkmenbaşy şäherinde Şagadam bilen Köpetdag toparlary meýdança çykar.Galan üç duşuşyk Aşgabat şäherinde geçiriler.Büzmeýin etrabyndaky stadionda paýtagt derejesindäki ýaryşlarda Altyn asyr bilen Aşgabat toparlary duşuşar.

Türkmenistanyň häzirki çempiony we Kubogynyň eýesi Arkadag topary Nusaý stadionynda Mary welaýatynyň Merw topary bilen duşuşar.Köpugurly Aşgabat stadionynda bolsa Ahal topary bilen Nebitçi topary özara güýç synanyşar. Çärýek finalyň jogap duşuşyklary 24-nji iýunda geçiriler.

Geçen ýyl Arkadag futbol topary final tapgyrynda ýurdumyzyň wise-çempiony we AFK-nyň Çempionlar ligasynyň iki gezek gatnaşyjysy bolan Ahal toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň Kubogyny üçünji gezek gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň jemi jemlendi
Arkadag we Altyn asyr toparlary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna uly ýeňişler bilen başladylar
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda Ahal we Altyn asyr toparlary deňme-deň oýnadylar
Türkmenistanyň futbol çempionatynda Arkadag topary Köpetdag toparyny uly hasap bilen ýeňdi
"Arkadag" futbol kluby 2025-nji ýylda dördünji baýragy Türkmenistanyň Kubogyny aldy
“Arkadag” futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasynda “Al-Nassr” kluby bilen duşuşar