
Ahalyň futbolçylary Türkmenistanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynda Energetigi uly hasap bilen ýeňdi.
Duşuşyk ýer eýeleriniň 6:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňiji topardan Şanazar Tirkişow iki gezek (45-nji we 49-njy minutlarda) tapawutlandy. Galan pökgüleri 15-nji minutda Meýlis Diniýew, 24-nji minutda Abdy Bäşimow, 35-nji minutda Elman Tagaýew, 70-nji minutda Selim Nurmyradow geçirdi.
Ahal bu ýeňişden soň utugyny 45-e çykaryp, çempionatda birinji orundaky ýerini goraýar. Ol ikinjilikdäki Altyn asyrdan, häzirlikçe, 10 utuk öňde. 12 utukly Energetik bolsa ýaryşyň ýedinji basgançagynda.