TÝL ― 2023: 15-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

TÝL ― 2023: 15-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

― Tapgyrda üç duşuşyk geçirildi, üçüsinde hem myhmanlar ýeňiş gazandy;

― Üç duşuşykda derwezelere 9 gol geçirildi;

“Aşgabat” “Ahal” 0:4

Gollar: 7 Gurban Annaýew, 33 (11 m.j.u.), 90 Elman Tagaýew, 81 Ýazgylyç Gurbanow.

― Elman Tagaýew iň netijeli futbolçylaryň sanawynda ilkinji dörtlüge girdi.

― Elman Tagaýew 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligada 100-nji goluny geçirdi.

― Bu duşuşykdan soň iki toparyň hem möwsümde gören sary kartlarynyň sany deňleşdi. Iki topar hem möwsümde eminlerden 29 gezek sary kart gördüler.

― Elman Tagaýew Ahalyň düzüminde çempionatdaky 50-nji goluny geçirdi.

“Şagadam” “Altyn Asyr” 1:2

Gollar: 77 (11 m.j.u.) Pirmyrat Sultanow 52 (11 m.j.u.) Myrat Annaýew, 74 Arslan Saparow.

“Nebitçi” “Arkadag” 0:2

Gollar: 34, 60 (11 m.j.u.) Didar Durdyýew.

― Utugyny 36-a çykaran Arkadag futbol topary Ýokary liganyň taryhynda iň kän utuk gazanan toparlaryň arasynda 23-nji orna göterildi. Toparyň bary-ýogy 12 oýunda 34-nji orundan 11 basgançak ýokarlanyp bilendigini aýratyn aýtmak gerek.

Ýene degişli makalalar

TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: Ahal ikinji aýlawda ilkinji gezek utuk ýitirdi, Şagadam ilkinji utugyny gazandy
TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy