TÝL ― 2023: Ahal ikinji aýlawda ilkinji gezek utuk ýitirdi, Şagadam ilkinji utugyny gazandy

TÝL ― 2023: Ahal ikinji aýlawda ilkinji gezek utuk ýitirdi, Şagadam ilkinji utugyny gazandy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawynda Ahal ilkinji utuklaryny 14-nji tapgyrda ýitirdi. Düýn topar bu tapgyryň çäginde paýtagtyň Nusaý stadionynda Şagadamy kabul edip, 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.

Gol duellosy görnüşinde geçen duşuşykda hasaby ilki bilen Ahaldan Elman Tagaýew açdy. Birinji ýarymyň ahyrynda Şagadam Yhlas Magtymowyň owadan goly bilen ýer eýelerine jogap berdi.

51-nji minutda Ýazgylyç Gurbanow Ahaly ikinji gezek hasapda öňe çykardy. Ýöne şondan 19 minut soňra hüjümçi Pirmyrat Sultanow ozalky toparynyň derwezesine pökgi geçirip, Şagadama ikinji aýlawdaky ilkinji utuklaryny getirdi.

Emin Babanazar Haknazarowyň sekiz futbolça sary kart görkezmegi duşuşygyň dartgynly geçendiginiň alamatydyr. Bu duşuşykdan Ahal 10, Şagadam 8 utuga çykdy. Ýaryş tertibinde Ahal ýedinji, Şagadam bolsa sekizinji orny eýeleýär.

Ahal 15-nji tapgyryň çäginde 23-nji awgustda Aşgabadyň myhmany bolar, Şagadam bolsa şol gün Altyn asyry kabul eder.

Ahal Şagadam 2:2

Gollar: 31 Elman Tagaýew, 51 Ýazgylyç Gurbanow 45 Yhlas Magtymow, 70 Pirmyrat Sultanow.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy