TÝL - 2023: "Köpetdag" "Nebitçiden" üstün çykdy

TÝL - 2023: "Köpetdag" "Nebitçiden" üstün çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyryna badalga berlip, onda Köpetdag bilen Nebitçi toparlary duşuşdylar. Paýtagtda geçirilen bu duşuşykda Köpetdag topary garşydaşyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 14-e ýetiren Köpetdag ýaryş tertibinde üçünji basgançaga geçdi. 13 utugy bolan Nebitçi dördünji orunda ornaşdy.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary 24-nji maýda geçirilip, onda Merw Energetik, Altyn Asyr Arkadag hem-de Şagadam Aşgabat toparlary duşuşarlar.

8-nji tapgyryň duşuşygy:

Köpetdag Nebitçi 1:0

Gol: 76 Baýramgeldi Gulmaýew (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 76 Baýramgeldi Gulmaýew, 64 Batyrgylyç Berdiýew, 90+5 Ylýas Çaryýew, 90+ Bagtyýar Gürgenow (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: Köpetdag stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Çempionatyň tablisasy:

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: 25-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
TFÇ ― 2024: 15-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2024: 13-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2024: 4-nji tapgyrda Maryda birbada iki duşuşyk geçiriler
TFÇ ― 2024: 14-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler