Uçar we otly biletleriniň ýetmezçiligi içerki migrantlary köseýär

Uçar we otly biletleriniň ýetmezçiligi içerki migrantlary köseýär

Balkan welaýatynda zähmet çekýän içerki migrantlar, 21-nji martda belleniljek Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda, öz ýaşaýan welaýatlaryna aşmakda kynçylyk çekýärler. Muňa ýurduň uçar we otly gatnawlarynyň ýolagçylaryň talabyny ödäp bilmän, raýatlaryň bilet tapmazlygy sebäp bolýar. Bu bökdençlikler uçar we otly biletleriniň töweregindäki para-berimi hem möwjedýär.

"Beýleki welaýatlardan Balkana gelip işleýän içerki migrantlara baýramçylyk geçýänçä, ýagny apreliň başyna çenli bir hepdelik zähmet rugsady berildi. Uçar we otly biletleriniň tapdyrmaýandygy sebäpli olaryň köpüsi öz welaýatlaryna aşmak üçin ýurduň howaýollary ýa-da demirýollary gullugynyň işgärlerine ýa-da araçylara para bermeli bolýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 20-nji martda aýtdy.

Ýurduň dürli welaýatlaryndan Balkana gelip işleýän içerki migrantlar nebitgaz, söwda, gurluşyk, syýahatçylyk pudaklarynda, şol sanda jemagat hojalygy gullugynda, deňiz portunda, myhmanhanalarda we öýlerde kömekçi bolup işleýärler. Habarçy olaryň sanynyň 30 müňden aşýandygyny çaklaýar.

Içerki migrantlar Balkandan Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryna aşmak üçin uçarda ýa-da otluda ilki paýtagt Aşgabada, soňra bu ýerden öz sebitlerine gitmeli bolýarlar.

Türkmenistanda pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda, 2020-nji ýylyň ýaz paslynda Balkandan beýleki welaýatlara göni uçar we otly gatnawlary ýatyrylypdy. Ýurtda bu çäklendirmeleriň aglabasynyň gowşadylandygyna garamazdan, bu gatnawlar heniz-de dikeldilmeýär.

"Içerki migrantlaryň öz welaýatlaryna göni gatnawlar arkaly gidip bilmezligi, olaryň iki esse köp para bermegine sebäp bolýar. Meselem, ozal ýolagçylar bir uçar ýa otly biledini almak üçin para beren bolsa, indi ilki Aşgabada, soňra-da öz welaýatyna aşmak üçin para bermäge mejbur bolýarlar" diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, şu günler Türkmenbaşy-Aşgabat ýa-da Aşgabat-Lebap aralygy üçin bir uçar bilediniň döwlet bahasy ortaça 350 manat bolsa, onuň parasy 1500 manada barabar.

Häzirki wagtda Balkan-Aşgabat aralygynda günde diňe bir sapar otly gatnawy hereket edýär. Bu otly agşam sagat 7-de paýtagta tarap ugraýar we 12 sagat 6 minutda Aşgabada barýar. Bu otly gatnawy üçin bir bilediň döwlet bahasy 35-100 manat aralygynda üýtgeýär.

Ýöne habarçymyz we içerki migrantlaryň ençemesi bu bahadan bilet almagyň mümkin däldigini aýdýarlar. Ýolagçylar bu biletleri satyn almak üçin para bermeli bolýarlar we bir bilediň bahasy 400-600 manada düşýär. Ýöne häzirki wagtda para beren ýolagçylara hem otly biletleri tapdyrmaýar.

"Otly wagonlarynda ýer bolmansoň, adamlar wagon geçelgelerinde 12 sagatlap dik aýak üstünde durup gidýärler. Olar munuň üçin-de otly ýolbeledine 300 manat para bermeli bolýarlar. Adamlar Aşgabada baryp, soňra öz welaýatlaryna aşmak üçin bu kynçylyklary ýene, ikinji gezek başdan geçirmeli bolýarlar" diýip, lebaply içerki migrant anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçy welaýatlaryň arasynda kireý edýän hususy taksileriň nyrhlary barada hem maglumat berip, häzirki wagtda Türkmenbaşydan Türkmenabat şäherine aşmak isleýän ýolagçynyň 3-4 müň manat aralygynda pul sarp etmeli bolýandygyny aýtdy.

"Edil şu günler içerki migrantlar üçin ýol azaby gabyr azaby ýaly gep. Sebäbi häzir gitmek alada bolsa, zähmet dynç alşy tamamlanandan soň, ýagny apreliň başynda ýene işiňe yzyňa dolanmak azap bolar. Sebäbi ýene bilet tapdyrmaz we adamlar ýene para bermeli bolar" diýip, içerki migrant belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň "Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden we "Türkmenistan howaýollary" kompaniýasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda ilat uçar we otly biletleriniň ýeter-ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýärler. Bu ýetmezçilik uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda ýa-da dynç alyş möwsüminde has-da güýçlenýär. Azatlyk bu barada ýylyň dowamynda ençeme gezek maglumat berýär.

Geçen ýylyň awgustynda Balkandaky habarçylarymyz ýurduň dürli sebitlerinden Hazar deňziniň kenarynda dynç almaga gelen müňlerçe syýahatçynyň, uçar, otly we awtobus gatnawlarynyň çäklidigi sebäpli, öz welaýatlaryna aşyp bilmän kösenýändigini aýdypdy. Habarçylarymyz şonda hem bu ýagdaýyň uçar biletleriniň satuwy bilen bagly para-berimiň "gülläp ösmegine" getirendigini hem belläpdiler.

25-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinden Aşgabada, Awaza çenli aralyga ýokary tizlikli demir ýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini aýtdy.

Ýöne türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ilatyň transport üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikleri we munuň bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Baýramçylyk gabatlarynda, ýolagçylaryň sebitara transport meseleleri ýitileşdi
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär
Lebapda uçar we otly biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşýär
TDHÇMB-da anna güni eksport geleşikleri $10 milliona golaýlady
Türkmenistanda mekdep bazarlary işläp başlady
TDHÇMB-da çarşenbe güni suwuklandyrylan gazyň 10 müň tonnasy satyldy