Üç ýüz ýylyň iň uly göwheri

Angolada 170 karat ululygynda gülgün göwher tapyldy.Bu gymmatly daşyň soňky üç asyrdaky iň uly göwherdigi mälim edildi.Göwher Awstraliýanyň Lucapa Diamond Co kompaniýasynyň gyrmança çökündisindäki şahtadan tapylypdyr.

Bu barada kompaniýa hem-de onuň hyzmatdaşlary Endiama E.P.we Rosas & Petalas mälim etdi.Gymmatly daşyň Sodiam atly söwda firmasy tarapyndan halkara auksiona çykaryljakdygy aýdyldy.Göwheriň reňkli görnüşleri reňksizlerine garanyňda has seýrek tapylýar.

Bu bolsa soňky ýyllarda reňkli daşlaryň satuwynyň artmagyna getirdi. Ýeri gelende bellesek, De Beers kompaniýasynyň Cullinan atly mawy göwheri şu ýylyň fewralynda Gonkongda geçirilen auksionda Sotheby’s tarapyndan 57,5 million dollara satylypdy.

Ýene degişli makalalar

131 karatlyk göwher tapyldy
Angolada agramy 130 karat bolan almaz tapyldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Afrika bilen bagly beýanat berdi
HPG ykdysady taýdan dikelişi has haýal bolan ýurtlary belli etdi
Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy