Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Biz bu 1 milliard 400 million dollarymyzy islendik şertde alarys" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, Angola, Togo we Nigeriýa guran saparyndan soň gaýdyşyn uçarda metbugat işgärlerine beýanat berip, güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap berendigini habar berýär.

Erdogan: "ABŞ-na F-35-ler üçin berilen 1 milliard 400 million dollarymyzy islendik şertde alarys.Hiç bir ýagdaýda Türkiýäniň haklarynyň elinden alynmagyna rugsat bermeris" diýip belledi.

Ýeni Şafak gazedi: "Ministr Çawuşoglyndan Swap beýanaty" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Türkiýe bilen Günorta Koreýanyň ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny özgertmek üçin bilelikde işleşmegiň gerekdigini belläp: "Şol maksat bilen Merkezi banklarymyzyň arasyndaky swap ylalaşygyň esasynda söwda gatnaşyklarymyzda milli pul birliklerimizi ulanyp bileris" diýendigini okyjy köpçülliginiň dykgatyna ýetirýär.

Haber Türk: "Söwda ministri Muş: Türkiýe-Afrika söwda kuwwady 25,3 milliard dollara ýetdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muşyň, Türkiýe bilen Afrikanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň tiz depginler bilen özgerýändigini belläp: "2003-nji ýylda Türkiýe-Afrika söwda kuwwady 5,4 milliard dollar derejesinde bolan bolsa, 2020-nji ýylda şol mukdar 25,3 milliard dollara ýetdi" diýendigini mälim edýär.

Star gazedi: "Türkiýeden sebite ykdysady göçüm.Umumy jarnama çap edildi" söz başyly habarynda, Daşary Ykdysady gatnaşyklar geňeşi tarapyndan Söwda ministrliginiň we Afrika Bileleşigi komissiýasynyň hyzmatdaşlygynda Stambul kongres merkezinde geçirilen Türkiýe-Afrika 3-nji Ykdysady we işewürler forumynyň çäginde umumy jarnamanyň çap edilendigini beýan edýär.

Umumy jarnama görä forum hususy pudaklaryň düzümindäki tehnologiýa, syýahatçylyk, oba hojalyk, elektrik tok önümçilik, aragatnaşyk we paýlanşyk desgalary we hyzmatlary, awiasia, deňizçilik, bilim, saglygy goraýyş we sap uglerod zyňyndylaryna maýa goýmagy höweslendirýär.

Watan gazedi: "Mardinde 12 müň ýyllyk buthana tapyldy" söz başyly habarynda, Mardin welaýatynyň Dargeçit etrabynda dowam etdirılýän gazuw-agtaryş işlerinde 12 müň ýyllykdygy çak edilýän buthananyň tapylandygyny aýan edýär. Gazuw agtaryş işleriniň geçirilýän ýeriniň Göbeklidepeden hem könedigi çak edilýär.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi