Üç ýurt EXPO-2030 sergisini geçirmäge taýyn

Parižde geçirilen iki günlük sammitde Halkara sergi guramasyna agza 179 ýurduň wekilleri EXPO-2030 sergisini guramak maksady bilen üç ýurda Saud Arabystanyna, Koreýa Respublikasyna we Italiýa ses berdiler. Üç ýurt geljekki Bütindünýä sergisiniň özlerinde guralmagyny maksat edinýärler.

Ses berişlikden soň Saud Arabystanynyň daşary işler ministri şazada Feýsal ibn Farhan Al-Saud sergini paýtagt Er-Riýadda guramagyň taslamasyny hödürledi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bu giň gerimli çäräni öz ýurdunyň ikinji uly şäheri Pusanda geçirmegi teklip etdi.

Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni bolsa, sergini öz ýurdunyň paýtagty Rimde guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Halkara sergi býurosyna agza ýurtlar noýabr aýynda geçiriljek indiki maslahatda EXPO-2030 sergisiniň nirede geçiriljekdigini kesgitlärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Parižde Halkara Sergiler Býurosynyň Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi
Üç ýurt EKPO-2030 geçirmäge taýyn
25 27-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebiti we gazy atly XXVIII halkara maslahat geçiriler
Aşgabatda EXPO-2025 sergisine taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy