Üstünliklere beslenen çempionat

Agyr atletika boýunça gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen 84-nji Dünýä çempionaty üstünlikli tamamlandy. Çempionatyň soňky 2 gününde türgenler iň ýokary 2 agram derejesinde ýiti göreş alyp bardylar.

Erkekleriň arasynda 109 kg agram derejesinde umumylykda 435 kg agram bilen dünýä rekordyny goýan ermenistanly Simon Martirosýan münberiň çür depesine çykdy.Bu ugurda kümüş medaly hytaýly Ýan Çže, bürünç medaly-da polşaly Arkadiuş Miçalski eýeledi.

Iň uly agramda, has takygy, agramy 109-dan ýokary bolan pälwanlaryň arasynda çempion üýtgemedi.Anahaýmda rekord görkeziji bilen çempionlyk gazanan gruziýaly Laşa Talahadze Dünýä çempionatlaryndaky 3-nji altynyny gazandy.

Ol birbada götermekde 217, itekläp götermekde-de 257, umumylykda 474 kg agramy galdyrdy.Onuň 3 görkezijisi-de rekorda deňdir. 2-nji orna Talahadzeden 24 kilogram az göteren ermenistanly Gor Minasýan, 3-nji ýere-de özbegistanly Rustam Jangabaýew mynasyp boldy.Zenanlaryň arasynda-da 87 kg agramda hytaýly Ao Hueý umumylykda altyn medal gazandy. 268 kg agramy göteren Hueý Demirgazyk koreýaly Kim Un-Žudan (263 kg) hem-de Dominikan Respublikasynyň wekili Krismeri Santanadan (254 kg) öňe saýlandy. 87 kg agramdan ýokary bolan zenan türgenleriň arasynda-da bu agramyň ägirdi, ozalam 4 gezek Dünýäniň çempiony, russiýaly Tatýana Kaşirina çempionlygyny ýene bir sapar gaýtalady.

Ol täze agram derejesinde 3 görkeziji boýunça-da rekord goýmagy başardy (145 kg, 185 kg, 330 kg).Hytaýly Men Supin 2-nji, tailandly Duangakson Çaidee 3-nji ýeri eýeledi.Taryhy ýeňişlere, uly üstünliklere beslenen 84-nji Dünýä çempionatynda 20 agram derejesi boýunça gowşurylan altyn medallaryň 7-sini alan hytaýly ştangaçylar medal sanawynda 1-nji orna mynasyp boldy.

Olar 8 kümüş, 4 bürünç, jemi 19 medala eýelik etdiler.Medallar aýratynlykda birbada götermekde, itekläp götermekde hem-de umumylykda hasaba alnanda-da hytaýlylar öňe saýlandy.Olar bu görkezijiler boýunça 20 altyn, 23 kümüş, 10 bürünç jemi 53 medal gazandylar.

Umumy sanawda Tailandyň agyr atletikaçylary 3altyn, 3bürünç medal bilen 2-nji ýeri eýelediler. 2 altyn medal alan eýranly hem-de russiýaly pälwanlar 34-nji orunlary paýlaşdylar.Olaryň ilkinjisi 1 bürünç medal artykmaçlyk görkezip, 3-nji ýere mynasyp boldy.10 günläp dowam bu çempionatda jemi 72 Dünýä rekordy goýuldy. Çempionlyk gazanan 20 türgeniň 8-si ilkinji gezek, 6-sy ikinji sapar, 4-si üçünji ýola altyn medala mynasyp boldy. Çempion bolanlaryň 5-siniň Olimpiýa çempionlygy hem bar.

Ýene degişli makalalar

09.11.2018 | 2018-nji ýylyň dünýä birinjiligi: agyr agramlarda dünýä çempionlary belli boldy
2018-nji ýylyň dünýä birinjiligi: agyr agramlarda dünýä çempionlary belli boldy
15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Agama” alpinistler kluby 25 ýyllygyny belleýär
Muzeý estetiki gurşawly hem-de maşgala bolup dynç alynmaly ýerdir
Türkmen žiwopisçileriniň suratlarynda - taryh we däpler