Üstünliklere beslenen 
halkara maslahat

Üstünliklere beslenen 
halkara maslahat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe günsaýyn özgerýän Watanymyz öz ösüşiniň täze basgançaklaryna gadam basýar. Halkara gatnaşyklarynda bolelinligiň, abadançylygyň üpjün edilmeginde sebitiň ulag infrastrukturasynyň uly orun eýeleýändigi düşnüklidir. Onuň netijesinde döwletleriň arasyndaky halkara ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Ýurtlaryň özara gatnaşygy bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde ösüş arkaly parahatçylygy üpjün etmegiň möhüm esasydyr. Çünki ýollar halklary dostlaşdyrýar, ýakynlaşdyrýar, birleşdirýär, ýurtlaryň ösüşli geljegini kesgitleýär.

Şeýle asylly maksatlary özünde jemleýän, halklaryň doganlyk gatnaşygyny ýola goýmakda ulag infrastrukturasynyň esasy ugry bolan demir ýol ulaglarynyň ähmiýeti, ösüşi we mümkinçilikleri barada dünýäniň iri halkara guramalarynyň biri bolan GDA döwletleriniň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň nobatdaky 70-nji mejlisinde pikir alşyldy.

Halkara geňeşiň nobatdaky çagyrylyşy bu gurama assosirlenen agza bolup duran Finlandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde geçirildi. Özara ulag ýollary boýunça baglanyşýan guramanyň ähli ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Täjigistan, Özbegistan, Latwiýa, Litwa we Estoniýa Respublikalarynyň, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň, Ukrainanyň, Gruziýanyň, guramanyň işine synçy hökmünde gatnaşýan Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol ulgamynyň ýolbaşçylarynyň we Demirýolçularyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Halkara konfederasiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda geçen ýyl sebitiň ýurtlarynda ýük we ýolagçy gatnatmakda gazanylan üstünlikler dogrusynda gürrüň edildi.

Bu gurama 1992-nji ýylda täze geosyýasy şertlerde, Garaşsyz döwletleriň umumy ykdysady baglanyşygyny ýola goýmak üçin Belarus döwletiniň paýtagty Minsk şäherinde döredildi. Gurama döredileni bäri, oňa gatnaşýan döwletleriň arasynda 260 ylalaşyk baglaşyldy. Bu ylalaşyklar döwletleriň arasyndaky demir ýol gatnawlaryny sazlaşdyryp, özara söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň ýygjamlaşmagyna mümkinçilik döretdi.

Bu guramanyň ýyllaryň dowamynda üstünlikli hereket edýändigini maslahatyň dowamynda edilen çykyşlaryň, berlen hasabatlaryň netijeleri boýunça getirilen görkezijiler hem subut etdi.Mysal üçin, 2018-nji ýylda gurama gatnaşýan ýurtlaryň çäginde 2032,4 million tonna ýük daşaldy.

Bu bolsa 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 29,9 million tonna artyk bolup, ösüş depgini 1,5 göterime deň bolupdy. Ýük dolanyşygy boýunça bu görkezijiler hem 4 göterim ýokarlandy. Ýükleriň daşalyşynyň ortaça aralygy bolsa 37,9 kilometre çenli uzap, bu görkeziji 2,5 göterim artdyryldy.

Halkara ugurlar boýunça ýükleriň dolanyşygy 3,2 göterim artdyrylyp, umumy gatnawlaryň 15,2 göterimini emele getirdi. 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende konteýner otlularynyň hem gatnawlarynda ýokary netijeler gazanylyp, bu ugurda meýilleşdirilen 9.2 göterim ösüşi artygy bilen, ýagny, 12,8 göterim ýerine ýetirildi.

2019-njy ýylyň birinji çärýegini alanymyzda hem 495,2 million tonna ýük daşalyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,1 million tonna köp bolup, bu görkeziji 0,4 göterim ýokarlandy.

Meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirilip, ýük dolanyşyk 1,9 göterim artdy, ýükleriň daşalyşynyň ortaça aralygy bolsa 22,5 kilometr köpelip, ösüş depgini 1,4 göterime deň boldy.Halkara ugurlar boýunça ýükleriň dolanyşygy 5,5 göterim ýokarlanyp, umumy gatnawlaryň 15,5 göterimini düzdi.

Konteýner ýükleriniň dolanyşygy boýunça hem geçen ýylyň seljerilýän döwri bilen deňeşdirilende 15.5 göterim, bellenen meýilnama boýunça 12,1 göterim ösüş gazanyldy.

Bu oňyn görkezijiler hem 1992-nji ýyldan bäri hereket edýän halkara demir ýol guramasynyň üstünlikli işleýändigini görkezýär. Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzy sebitiň iri logistik merkezleriniň birine öwürmek barada alyp barýan ulag syýasaty dünýäde durnuklylygy saklamakda, parahatçylykly ösüşi ýola goýmakda, dost-doganlyk halkara gatnaşyklary kämilleşdirmekde wajyp orun eýeleýär.

Bu ugurda ýurdumyzda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli iri ulag taslamalaryň durmuşa geçirilmegi aýdyň mysal bolup, bu barada GDA döwletleriniň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň nobatdaky 70-nji mejlisiniň çäginde hem aýratyn nygtaldy.

Bu abraýly halkara forumynda Türkmenistan Watanymyza wekilçilik eden Türkmendemirýollary agentliginiň başlygynyň orunbasary Rejepmämmet Rejepmämmedow, agentligiň Halkara gatnaşyklary we bäsleşikleri gurmak bölüminiň başlygy Serdar Nurmuhammedow, Türkmendemirýollary” döwlet kärhanasynyň başlygy Hydyr Rahmanow we Ýol hasaplaýyş merkeziniň başlygy Berdimuhammet Bäşimow dagylar Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň halkara ykdysady-söwda gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky maslahata işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň polat ýollaryny sebitiň demir ýol ulgamyna goşulyşmak, halk hojalyk ýükleriniň üstaşyr dolanyşygyny artdyrmak ugrundaky birnäçe teklipleri bilen çykyş etdiler. Şeýle netijeli maslahatlar ata Watanymyzyň goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine, söwda we haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik döreder.

Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dürli halkara guramalarynyň deňhukukly agzasy bolmak bilen ýurdumyzyň at-abraýyny barha ýokarlandyrýan, halkymyzyň bolelin, abadan durmuşy ugrunda ýadawsyz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Türkmenistan 9 Maý Ýeňiş baýramyny rus propagandasynyň simwolikasy astynda belledi
Türkmenistanyň prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow aradan çykdy
Türkmenistanda hususy süýt önümçiligi artýar
Berdimuhamedow atasynyň doglan obasynda hassahana açyp, ýurtda koronawirusyň ýokdugyny tekrarlady