Berdimuhamedow atasynyň doglan obasynda hassahana açyp, ýurtda koronawirusyň ýokdugyny tekrarlady

Berdimuhamedow atasynyň doglan obasynda hassahana açyp, ýurtda koronawirusyň ýokdugyny tekrarlady

13-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow atasy Berdimuhamet Annaýewiň doglan obasynda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze Ýokanç keseller hassahanasyny açdy. Çäräniň dowamynda döwlet baştutany “henize çenli ýurtda koronawirus ýokanjy bilen kesellemek ýagdaýynyň hasaba alynmandygyny” ýene bir gezek nygtady.

Türkmen döwlet habarlar (TDH) agentliginiň maglumatyna göra, 200 orunlyk hassahanada ýiti respirator we angina kesellerini, ýokanç içgeçme kesellerini, sarygetirme we beýleki ýokanç keselleri bejermek üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Şeýle-de, onda howa-damja ýoly bilen geçýän aýratyn howply ýokanç keseller bölümleri hereket edýär. Keselhananyň barlaghanasynda COVID-19 keselini döredýän wirusy ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän enjam hem oturdyldy diýlip, resmi habarda aýdylýar.

Bu keselhananyň açylmagy, ýurtda pozitiw COVID-19 hadysalarynyň ýüze çykarylýandygy we koronawirus alamatlary bilen kesellän ýurt raýatlarynyň heläk bolýandygy barada Azatlyk Radiosynda we garaşsyz neşirlerde yzygiderli habarlaryň peýda bolýan mahalyna gabat geldi.

Oktýabryň ahyrlarynda Tatarystandan Türkmenistana getirilen 274 raýatyň arasynda ýedi adamyň ikinji koronawirus testiniň pozitiw netije görkezendigini, Azatlygyň habarçylary 9-njy noýabrda Lebapdan habar berdiler.

Bu habarlara garamazdan, Berdimuhamedow ýurduň COVID-19-dan “erkindigini” ýene bir gezek nygtap, munuň “guwandyrjy” ýagdaýdygyny aýtdy we “bu biziň uly üstünligimizdir” diýdi.

“Geçirilen öňüni alyş işleri netijesinde, henize çenli ýurdumyzda koronawirus ýokanjy bilen kesellemek ýagdaýy hasaba alynmady” diýip, ol belledi.

Şeýle-de, resmi metbugat Türkmenistanyň COVID-19 bilen bagly howplara garşy göreşde “dünýä nusgalyk tejribe toplandygyny” hem aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan koronawirus keseliniň ýokdugyny öňe sürýän sanlyja ýurtlaryň biri bolmagynda galýar. Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurtda pandemiýa bilen bagly hereket çäklendirmelerini güýçlendirip, maska geýmek talabyny yzygiderli pugtalandyrýarlar.

Türkmen häkimiýetleri öz çäklendiriji çärelerini "ýiti ýokanç keselleriň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak" tagallalary bilen düşündirýärler.

Maglumat üçin aýtsak, mundan öň Berdimuhamedow Yzgant obasynda atasy Berdimuhammet Annaýewiň adyny göterýän 27-nji orta mekdebi açypdy. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine Berdimuhammet Annaýewiň ady dakylypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

25-nji maýda Türkmenistanda köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Ahal welaýatyndaky täze şähere dakyljak at barada ilatdan teklipler alynýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Milli Liderimiziň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy