Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentiň adyndan we hut öz adyndan işewüri, doganlyk türk halkyny mukaddes Oraza aýy bilen gutlady. Şeýle hem Gahryman Arkadag üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň çäklerinde işewür bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alşandyklaryny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur kompaniýanyň ýolbaşçysy bilen ýene-de duşuşýandygyna şatdygyny aýtdy.

Milli Lider ýurtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barlyp, ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegiň çäklerinde işleri üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur tagallalaryň edilýändigini belledi. Şunda bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar.

Ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, Gahryman Arkadag işewüriň bu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň ösüşiniň anyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem Milli Lider Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklandy we ýurdumyzda himiýa senagatyny ösdürmegiň, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde taslamalaryň durmuşa geçirilmegine türk işewürleriniň gatnaşyp biljekdigini aýtdy.

Türkiýäniň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistanda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtap, häzirki döwürde Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýändigini, onuň geljek okuw ýylynyň başynda — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ulanmaga beriljekdigini habar berdi.

Gahryman Arkadag Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde iki halkyň taryhy-medeni hem-de dil babatda umumylygynyň esasy şert bolup durýandygyny belledi. Türkmen-türk gatnaşyklary hususy ulgamda-da netijeli ösdürilýär, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin baý tejribe toplandy.

Türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadaga ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine döwlet derejesinde üns berilýändigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşmaga taýýardygyny nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iri halkara kompaniýalar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini belläp, deňhukuklylyk we iki tarapyň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgeleriniň onuň binýadyny emele getirýändigini aýtdy. “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda şähergurluşyk, nebitgaz, himiýa senagaty pudaklarynda möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Arkadag Türkmenistanyň doganlyk ýurduň kompaniýasynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini hem-de toplanan oňyn tejribäni hasaba almak bilen, geljekde-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda işewür Türkmenistanda bolup, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmaga we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga örän şatdygyny nygtap, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Milli Liderimiziň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Rönesans Holding Türkmenistanda täze taslamalary amala aşyrmaga gatnaşar