Milli Liderimiziň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Milli Liderimiziň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Düýn 18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türk işewüri Gahryman Arkadagymyza türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkiýäniň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy häzirki döwürde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýändigini, onuň geljek okuw ýylynyň başynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ulanmaga beriljekdigini habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz işewüriň bu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde we Rönesans Holding kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň ösüşiniň anyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde iki halkyň taryhy-medeni hem-de dil babatda umumylygynyň esasy şert bolup durýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda işewür Türkmenistanda bolup, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmaga we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga örän şatdygyny nygtap, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow türk Liderini sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy
Milli Liderimiziň türkiýeli işewürler bilen duşuşygy
Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk” we “Rönesans” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy