Ukraina degişli dikuçar heläkçilige uçrady

Ukraina degişli dikuçar heläkçilige uçrady

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Gündogar harby birikmeler toparynyň metbugat gullugynyň başlygy Ilýa Ýewlaş, Ukrainanyň Milli habarlar agentligine beren beýanatynda, Donetsk sebitindäki Kramatorsk şäherinde Ukraina degişli 2 dikuçaryň kakyşmaklary netijesinde heläkçiligiň bolandygyny habar berdi.

Dikuçarlaryň berilen wezipeleri ýerine ýetirýän mahallary heläkçilige uçurandyklaryny aýdan Ýewlaş: "Olar Kramatorsk sebitinde berilen wezipäni ýerine ýetirýän mahaly, duşmanyň Su-35 uçary asmana galdy we duşman uçary tarapyndan nyşana alynmazlyk üçin şol wagt ýere gonmalydylar. Şol mahal näme bolandygy ýörite derňew tarapyndan derňelýär. Raketa degdimi ýa-da başga bir ýalňyşlyk bardymy, näme bolandygy we sebäpleri derňelýär" diýip mälim etdi.

Ilýa Ýewlaş wakada 6 uçarmanyň ýogalandygyny habar berdi.

Ýerli metbugatda berilen habara görä dikuçar heläkçiligi 29-njy awgustda başdan geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Rus serkerdäniň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümiň jogapkärdigi güman edilýän adam tussag edildi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Arkadag şäherinde halkara media-forumy öz işine başlady
Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýokary derejeli orden we medallar gowşuryldy
Arkadag şäherine bagyşlanan mediaforum geçirildi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Serdar Berdimuhamedowa Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin atly medal gowşuryldy