Ukraina Kryma uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurady

Ukraina Kryma uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurady

Russiýanyň Goranmak ministrligi düýn gije Ukrainanyň 42 sany uçarmansyz howa ulagy bilen Kryma hüjüm gurandygyny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Ukrainanyň goşunynyň uçarmansyz howa ulaglary bilen guramak islän hüjümleriniň öňüniň alynandygy öňe sürüldi.

Howa goranyş ulgamlary tarapyndan 42 sany uçarmansyz howa ulagynyň anyklanandygy bellenen beýanatda: "Krymyň territoriýasynyň çäginde ot açylmagy netijesinde 9 sany uçarmansyz howa ulagy ýok edildi, 33-i radio elektron enjamlaryň üsti bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi, uçarmansyz howa ulaglary bellenen nyşanalara barmadan täsirsiz ýagdaýa getirildiler" diýip habar berildi.

Krym 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan anneksiýa edilipdi.

Ýene degişli makalalar

"Russiýada işlemekden hiç bir many görmeýäris". Daşary ýurtlulara taksi sürmegiň gadagan etmegi barada, migrantlar näme pikir edýärler?
Aşgabat Russiýada kyn ýagdaýa düşen raýatlarynyň ykbalyna 'göz ýumýar'
Ukraina Krym Köprüsini Ýykmak Isleýär
Ukrainanyň täze Goranmak ministri Russiýa garşy ýeňiş gazanmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy
Krym Tatary Rüstem Umerow Ukrainanyň Goranmak Ministri Hökmünde Bellendi
Blinken, Russiýanyň Krym Tatarlary Boýunça Syýasatyny Berk Ýazgardy